"Taksi hyznaty"
Şeýle hem kompaniýa ýolagçy awtoulaglaryny, ýagny taksi hyzmatlaryny dolandyrýar. Türkmenbaşy şäherinde 85 sany Toyota Corolla taksi ammary bar. Taksi iki çalşykda işleýär. Bu ulaglar sargyt üçin hem elýeterlidir.
"
Awtobusda we mikroawtobusda ýolagçy gatnawy "
Tiz we howpsuz gatnaw
Balkan welaýatynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şäher içi,şäher ýaka we şäher ara ugurlar boýunça gatnatmak üçin niýetlenen döwrebap ýolagçy awtobuslary hereket edýär. Mundan başga-da, raýatlaryň sargytlary esasynda ýokary hilli hyzmatlar ýerine ýetirilýär Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky Awtoulag kärhanasynda awtobuslaryň 55-si, kiçi göwrümli awtobuslaryň bolsa 10-sy hyzmat edýär. Awtobuslar bellenilen wagt aralygynda gatnawy amala aşyrýar.
Ýük daşamak hyzmaty
Bu hyzmat ýükleriň dürli görnüşleri üçin elýeterlidir
Türkmenbaşydaky awtoulag kärhanasy diňe bir raýatlara ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirmän, eýsem, raýatlaryň dürli görnüşdäki we göwrümdäki ýük daşamak hyzmatlaryny hem hödürleýär.Ýük awtoulaglary önümçilik kärhanalarynyň, raýatlaryň sargytlary esasynda hyzmat edýärler. Häzirki wagtda kärhana degişli bolan «Kamaz – 6520» kysymly awtoulaglar hereket edýär. Iş alyp barýan edaradyr kärhanalar, hususy kärhanalar özleriniň ýüklerini karhananyň ýük ulaglary arkaly barmaly menziline eltip bilerler.
Habarlaşmak üçin
Telefon | Faks
(+993 243) 4-79-24
E-mail
tbashyauk@awtoulag.gov.tm
Habarlaşmak
Balkan welaýat, Türkmenbaşy şäheri, Aýtakow köçesi 42-nji jaý